KB5053606 täzelenmesi Windows 10-ny haýalladýar, printer bilen işlenende kynçylyk döredýär

  • 25.03.2025 12:25
  • 1.5k+

Käbir ulanyjylar Windows 10 üçin KB5053606 täzelenmesini gurnandan soň, çynlakaý kynçylyklar bilen duçar boldular. 11-nji martda çykan patç, täzelenmeler petiklense-de, awtomatiki usulda gurulýar diýip, Windows Latest ýazýar.

Gurnamak işleri adatdakysyndan has köp wagt alýar: käbir ýagdaýlarda birnäçe sagat dowam edýär ýa-da ýalňyşlyklar bilen tamamlanýar.
Gurnandan soň, ulanyjylar printeriň çap nobatynyň dolandyryjysynda ýüze çykýan kynçylyklardan zeýrenýärler, bu bolsa işgärleriň zähmet öndürijiligine ýaramaz täsir edýär. Şeýle hem wezipeler panelinden nyşanlaryň ýitip gitmegi we iş stolunyň şahsylaşdyryş sazlamalarynyň täzeden düzülmegi ýüze çykyp başlady. Ulgamyň haýallamagy we klawiaturanyň jogap berşiniň gijikmegi artdy.
Käbir ulanyjylar şeýtmek bilen Microsoft-yň öz müşderilerini Windows 11-e geçmäge mejbur etjek bolýandygyny öňe sürýärler. Ulgamyň täze wersiýasy birnäçe artykmaçlygy hödürleýär, ýöne has güýçli enjamlary talap edýär, şeýle hem kompaniýanyň aradan aýyrmaga çalyşýan birnäçe kemçiliklerini hem öz içine alýar.


19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

17.03.2026 20:39
829

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.5k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...