Germaniýada dynç almak üçin dünýäde iň kiçi jaý peýda boldy: bary-ýogy 11 inedördül metr

  • 24.03.2025 11:22
  • 9k+

Germaniýanyň Rips obasynda dynç almak üçin özboluşly jaý peýda boldy. Onuň meýdany bary-ýogy 11 inedördül metre barabar diýip, BILD habar berýär.

Jaýyň eýeleri Marita Hannemann-Moos we Andreas Moos köne transformator podstansiýasyny 1,19 ýewro satyn aldy. Desgany üýtgetmek işleri 140 000 ýewro düşdi we pandemiýa hem býurokratiýa sebäpli dört ýyla çekdi. Indi onuň içinde zerur zatlaryň ählisi bar: aşhana, ýatylýan otag, myhman otagy we hatda kiçijik gyş bagy.


Birinji gatda duşly, ýyly wanna otagy, ikinji gatda bolsa açylýan diwan bilen aşhana – myhman otagy bar. Goşlar üçin üçegiň aşagynda ýer bolup, ol ýere ýygnalýan basgançak bilen çykylýar. Ululygyna garamazdan, jaý otel ýaly rahatdyr.
Indi ol gününe 110 ýewro bilen kärendesine berilýär. Är-aýal taslamanyň dünýäde iň kiçijik jaý hökmünde ykrar edilmegine umyt bildirýär.

“Häzirlikçe iň kiçi hasaba alnan jaý Bad-Zegebergde ýerleşýär, ýöne onuň meýdany biziňkiden sekiz inedördül metr uly. Biziň ähli mümkinçiligimiz bar diýip pikir edýäris” – diýip, Andreas Moos belleýär.  


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......