Xiaomi 15-iň surata alşy iPhone 16 we Xiaomi 14 Ultra bilen deňeşdirildi

  • 25.03.2025 11:11
  • 4.5k+

DxOMark-yň awtorlary öň Xiaomi 15 Ultra-nyň kamerasyny synagdan geçiripdiler, indi bolsa esasy model Xiaomi 15-iň kamerasy boýunça syn çap etdiler.

Ýatlatsak, bu smartfonda hersi 50 MP-lik üç sany kamera bar, emma esasy sensory Ultra modelindäki ýaly uly däl. Flagman görnüşi ýaly, adaty model hem gaty gowy netije görkezip 147 bal aldy. Ol bu görkezijisi bilen sanawda 22-nji orny eýeleýär, ýöne şol bir baly alan enjamlar bilen bilelikde göz öňünde tutsak, ol 11-nji orunda ýerleşýär. Olaryň arasynda Pixel 7 Pro, Pixel 8, iPhone 16 hem bar, Xiaomi 14 Ultra bolsa bary-ýogy 1 bal köp aldy.
Umuman aýdanyňda, bu gaty gowy netije. Awtorlaryň bellemegine görä, bu enjam ähli režimlerde we synaglarda hem gowy netijeleri görkezipdir. Ol hiç bir ugur boýunça iň gowusy bolmasa-da, hatarynyň iň kiçi flagman modelidir.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...