Xiaomi 15 Ultra-nyň surata alşy iPhone 16 Pro Max-dan gowy däl, hatda käbir tarapdan iPhone 15 Pro Max-dan hem pes

  • 06.03.2025 07:32
  • 4.6k+

DxOMark-yň awtorlary Xiaomi 15 Ultra-nyň kamerasy boýunça syn çap etdiler. Bu smartfon öran gowy fotoflagman bolsa-da, bazaryň täze lideri däl.

Smartfon 153 bal aldy we bu netijä görä reýtingde 13-nji orny eýeledi. Eger deň bal alan beýleki smartfonlary hasaba almasak, täze flagman Pixel 8 Pro we Oppo Find X6 Pro bilen bilelikde 6-njy orunda ýerleşýär. iPhone 15 Pro Max bir bal öňde – ol 154 bal aldy. Xiaomi 14 Ultra bolsa 149 bal bilen biraz yzda galdy.
Şeýle-de bolsa hytaýly tehnoägirdiň täze flagmany, fotosuratlardaky teksturalar we telekamerany gaýtadan işlemek boýunça rekord derejede bal aldy.
Umuman, Xiaomi 15 Ultra bazardaky iň gowy kameraly telefonlaryň biri, ýöne şol bir wagtda hem örän gymmady. Ýewropada smartfonyň bahasy 1500 ýewro, bu onuň Apple we Samsung kompaniýalarynyň flagmanlaryndan hem has gymmatdygyny aňladýar.


16.05.2026 11:20
3.9k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...