Samsung "One UI 7.0" täzelenmesinde CAPTCHA-lardan geçmegi aňsatlaşdyrar

  • 24.03.2025 06:11
  • 2.5k+

Samsung Galaxy smartfonlarynyň ulanyjylary indi One UI 7.0-däki «Awtomatiki barlag» (Automatic verification) funksiýasynyň kömegi bilen CAPTCHA-lardan aňsatlyk bilen geçip bilerler diýip, «Android Authority» habar berýär.

Bu funksiýa «Yzarlamadan akylly gorag» (Smart anti-tracking) ulgamynyň bir bölegi bolup, diňe bir CAPTCHA-lardan geçmegi ýeňilleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem ulanyjylaryň maglumatlarynyň ýygnanmagynyň hem öňüni alýar.
Emma bu funksiýanyň käbir çäklendirmeleri bar: ol diňe goldanylýan web sahypalarynda işleýär we diňe «Samsung Internet» brauzerinde elýeterli. «Google Chrome» ýa-da «Mozilla Firefox» ýaly beýleki brauzerlerde häzirlikçe bu funksiýa ýok.
«Awtomatiki barlag» funksiýasyny işjeňleşdirmek üçin ulanyjylar «Samsung Internet» brauzeriniň gizlinlik sazlamalaryna girip, degişli opsiýany açmalydyr.
Bu aýratynlyk diňe One UI 7.0 interfeýsinde işleýän Samsung Galaxy enjamlarynda elýeterli bolar. Täze operasion ulgam 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinden başlap ýaýradylyp başlar.


04.06.2026 11:54
1.9k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

12.05.2026 14:43
7.9k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

05.05.2026 15:24
987

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
930

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......