AI funksiýaly Samsung One UI 7 täzelenmesi 7-nji aprelden elýeterli bolar

  • 21.03.2025 06:16
  • 1.4k+

Samsung kompaniýasy täze One UI 7 täzelenmesiniň goýberilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol Galaxy-niň ilkinji bilelikdäki smartfon we planşet modelleri üçin 7-nji aprelden başlap elýeterli bolar.

One UI 7 Android-e esaslanýar we emeli aň funksiýaly ulanyjy interfeýsini hödürleýär. Samsung-yň aýtmagyna görä, täzelenme enjamlar bilen gatnaşygy üýtgeder we ony has amatly eder, şahsylaşdyrar.
One UI 7-niň esasy maksady dizaýny ýönekeýleşdirmekdi we gowulaşdyrmakdy. Interfeýs has arassa we düşnükli boldy, daşky görnüşi bolsa ähli enjamlarda unifisirlendi. Öý ekrany ýönekeýleşdirildi, wijetler we gulplanmanyň ekrany täzelenen dizaýny aldy. Indi şahsylaşdyrma has ýönekeý we has görnükli boldy.
Täze funksiýalaryň biri Now Bar paneli bolar. Ol möhüm maglumatlary häzirki wagtda gulplanma ekranynda görkezer.
Täzelenmäniň esasy elementi emeli aň esasly funksiýalaryň integrasiýasy bolar. Samsung munuň enjamlar bilen işlemegi has akylly we has netijeli etjekdigini belleýär.
Öňümizdäki hepdelerde One UI 7  beýleki modellerde hem elýeterli bolar, ýöne aşakdaky enjamlar 7-nji aprelde täzelenmäni ilkinji bolup alarlar:

  • Galaxy S24 seriýasy
  • Galaxy S24 FE
  • Galaxy S23 seriýasy
  • Galaxy S23 FE
  • Galaxy Z Fold6 we Z Flip6
  • Galaxy Z Fold5 we Z Flip5
  • Galaxy Tab S10
  • Galaxy Tab S9

04.06.2026 11:54
1.9k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

12.05.2026 14:43
7.9k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

05.05.2026 15:24
987

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
930

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......