Bize mälim bolan iň uzakdaky galaktikadan kislorod tapyldy

  • 23.03.2025 18:59
  • 6k+

Iki sany astronomlar topary häzirki wagta çenli adamzada mälim bolan iň uzakdaky galaktikada – ýagny JADES-GS-z14-0-da kislorodyň bardygyny ýüze çykardylar, diýip «EurekAlert!» neşiri ýazýar. Alymlar öz gözlegleriniň netijelerini dürli ylmy žurnallarda çap etmegi meýilleşdirýärler. Bu möhüm açyş Çiliniň Atakama çölünde ýerleşýän «Atacama Large Millimeter Array» (ALMA) atly uly radioteleskop toplumynyň kömegi bilen edildi.

JADES-GS-z14-0 galaktikasyndan çykýan şöhle biziň galaktikamyza gelip ýetýänçä 13,4 milliard ýyllap ýol geçýär. Diýmek, biz bu galaktikany älem 300 million ýyl ýaşyndaka nähili görünýän bolsa, şonuň ýaly görýäris. Bu hem onuň häzirki hakyky ýaşynyň bary-ýogy 2%-ne deň diýmek bolýar.
Kislorodyň ýüze çykarylmagy bu galaktikanyň himiki taýdan öň çaklanylandan has ösendigini görkezýär. «Bu çagany däl-de, ýetginjegi göreniň ýaly» — diýip, Niderlandlaryň Leýden obserwatoriýasynyň alymy, «The Astrophysical Journal» žurnalynda çap ediljek ylmy makalanyň awtory Sander Şous düşündirýär. Gözlegleriň netijelerine görä, bu galaktika garaşylanyndan has çalt döräpdir we ösüpdir.

«Men bu garaşylmadyk netijelere haýran galdym – olar galaktikalaryň ösüşi baradaky täze düşünjeleriň öňüni açýar» — diýip, Italiýanyň Piza şäheriniň Ýokary normal mekdebinden ikinji gözlegiň baş awtory Stefano Karniani aýdýar. Onuň kärdeşleri bilen bilelikde geçiren gözleginiň netijeleri «Astronomy & Astrophysics» žurnalynda çap edilmek üçin kabul edildi.

Adatça, galaktikalar ilkinji döwürlerinde ýaş ýyldyzlardan ybarat bolýarlar. Bu ýyldyzlar, esasan, ýeňil elementlerden – ýagny wodoroddan we geliýden ybarat bolýar. Has agyr elementler (şol sanda kislorod hem) ýyldyzlaryň ösüş prosesi bilen kem-kemden emele gelýär. Emma «EurekAlert!» neşiriniň hem belläp geçişi ýaly, älem 300 million ýyl ýaşyndaka, beýle elementleriň döräp ýetişmegi mümkin däl. Muňa garamazdan, JADES-GS-z14-0 galaktikasyndaky agyr elementleriň mukdary garaşylandan 10 esse köp bolup çykdy.


düýn 23:37
1.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.6k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......