BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany kabul etdi

  • 23.03.2025 13:26
  • 8.2k+

21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Kararnamada, hususan-da, bitarap ýurtlaryň çäklerini parahatçylykly gepleşikleri geçirmek maksady bilen peýdalanmak maslahat berilýär.
Kararnamany hödürlemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy we ýurdumyzyň deňagramly parahatçylyk taglymatyny halkara giňişliginde durmuşa geçirmegiň binýady bolup durýandygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji kararnamanyň kabul edilen döwründen bäri Türkmenistan özüniň bitaraplyk ugruna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän hemmetaraplaýyn goldawa daýanmak bilen, sebit we ählumumy derejelerinde öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde Bitaraplygyň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär.
A.Ataýewa bitaraplygyň ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatyna çuňňur ornaşandygyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda  Konstitusion kanunynda berkidilendigini hem-de türkmen halkynyň parahatçylygy, dialogy we birek-birege hormat goýmagy döwlet gurluşynyň özeninde goýýan taryhy mirasyna we däp-dessurlaryna esaslanýandygyny aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we Merkezi Aziýada Parahatçylyk we ynanyşmak zolagy ýaly sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goramagyň we berkitmegiň möhüm institutlarynda we görnüşlerinde öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi, BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi, şu ýyl hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde möhüm wakalar bolup geçýär.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....