Tesla howply kemçilik sebäpli Cybertruck pikaplaryny köpçülikleýin yzyna çagyrýar

  • 22.03.2025 11:38
  • 7.8k+

Tesla ABŞ-da daşarky paneli bilen bagly meseläni çözmek üçin 46 096 sany elektrikli Cybertruck pikaplaryny yzyna çagyrýar. Ulag hereketde wagty ol üzülip gaçyp biler diýip, CNBC ýazýar.

Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) beren habaryna görä, mesele öň aýnanyň düýbünden yzky gapylara çenli gidýän polat bezegde. Bu bölekler ýelim bilen berkidilen bolup, görnüşi ýaly, ýeterlik derejede pugta däl bolup çykdy.
Teslanyň hyzmat bölümi daşky gurşawyň täsiri astynda könelmedik has oňat hilli ýelim ulanyp, kemçiligi mugt düzetmegi wada berdi. Mundan başga-da, panel kuzowa kebşirlenen hyrly çüýler we nurbatlar arkaly berkidiler.
Kompaniýa Cybertruck-yň satuwy baradaky görkezijileri aýtmasa-da, seljerijiler satylan pikaplaryň köpüsiniň yzyna çagyrylmaga degişli boljakdygyny çaklaýarlar.
Pikap üçin häzirki çagyryş 2024-nji ýylyň ýanwaryndan bäri sekizinji çagyryşdyr. Bu kompaniýa şowsuzlyk getirip biler, sebäbi elektropikapyň üstünligi ýokary bäsdeşlik we model hatarynyň könelmegi şertlerinde onuň ösüşiniň kepilligi  hökmünde görülýärdi. Mundan başga-da, ýokary karz çykdajylary bilen ýüzbe-ýüz bolýan sarp edijiler has arzan gibridleri satyn almagy makul bilýärler.
Cybertruck-a bolan isleg birnäçe gijikmeden soň, geçen ýylyň ahyrynda gowşamagyň alamatlaryny görkezipdi.
ABŞ-da yzyna çagyrylýan ulaglaryň ep-esli bölegi milliarder Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýanyň paýyna düşýär. BizzyCar-yň berýän maglumatlaryna görä, Tesla geçen ýyl jemi 5,1 million ulagy yzyna çagyrdy. Şeýle-de bolsa, ýüze çykarylan meseleleriň köpüsi aglaba programma üpjünçiliginiň täzelenmeleri arkaly çözüldi.


13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.5k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....

02.05.2026 11:52
5.1k+

Tesla Cybercab-y köpçülikleýin çykaryp başlady: ulag önümçilikden çykyp duralga özi baryp durýar

Tesla kompaniýasy Tehasdaky Gigafactory zawodynda iki orunlyk, doly awtonom Cybercab elektromobiliniň köpçülikleýin önümçiligine resmi taýdan başlady....