Pixar we “Kokonyň syrynyň” režissýory “Elio” atly täze multfilm hödürledi

  • 21.03.2025 17:20
  • 2.4k+

Pixar-yň YouTube kanalynda “Kokonyň syry” (Тайна Коко) multfilminiň režissýory, “Gowy dinozawryň” (Хороший динозавр) ssenariçisi we “Men gyzarýaryn” (Я краснею) multfilminiň prodýuseri Adrian Molinanyň täze “Elio” animasion filminiň treýleri hödürlendi.

Ol 20-nji iýunda kinoprokata çykar. Multfilm iň uly arzuwy başga planetalylar tarapyndan alnyp gaçylmak bolan 11 ýaşly oglan barada gürrüň berer. Günlerde bir gün Elionyň islegi hasyl bolýar we ol täsin başga planeta dünýäsine düşýär.
Görlüp oturylsa, başga planetalylar “arzuwçyllary we müneçjimleri” gözläp, bütin dünýä boýunça syýahat edýär eken. Olaryň arasynda Elio dil tapyşmak aňsat bolýar. “Öýde men hiç hili hasaba giremokdym we men ähli mesele Ýerde diýip pikir edýärdim” – diýip, oglan aýdýar.
Multfilmde Elionyň dostuna öwrülen Glordon atly jandar oňa başga planetalylar bilen täze gatnaşyklary ýola goýmaga we olar tarapyndan Ýeriň lideri hasaplanan oglanyň, aslynda, kim bolmalydygyny anyklamaga kömek edýär.
Multfilmiň üstünde Molinadan başga-da, režissýorlar Madlen Şarafýan (“Hin”) we Domi Şi (“Bao”, “Men gyzarýaryn”), şeýle-de prodýuser Meri Elis Dramm (“Kokonyň syry”) işledi. Ses bermäge Ýonas Kikreab, Zoi Saldana, Remi Ejerli, Bred Garrett, Jamila Jamil we Şirli Henderson gatnaşdy.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....