24-25-nji martda Ýere güýçli magnit hadysasy aralaşar

  • 21.03.2025 17:09
  • 7.7k+

2025-nji ýylyň 24-25-nji martynda güýçli magnit tupanynyň bolmagyna garaşylýar. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, onuň güýçlüligi K-indeksi boýunça bäş bala ýeter, bu bolsa güýçli geomagnit gozganmalaryna deň gelýär. Bu tupanlar kosmosa zarýadly bölejikleri goýberýän Gün alawlamalary sebäpli ýüze çykýar. Olar Ýere ýeten ýagdaýynda magnitosfera bilen täsirleşip, magnit meýdanynda uly gozganmalary döredýär.

NOAA kosmos howasyny çaklama merkeziniň maglumatlaryna görä, magnit tupany mart aýynyň başynda geomagnit işjeňligini döreden soňky Gün alawlamalary bilen baglanyşykly bolup biler. Geomagnit tupanlary tehnologiki ulgamlaryň işine ýaramaz täsir edip biler. Olar hemra nawigasiýasynda bökdençlikleri ýüze çykaryp bilýär, bu hem ulag, awiasiýa we deňiz gatnawlaryny kynlaşdyrar. Şeýle-de, internete we telekommunikasiýa täsir edip biljek hemra aragatnaşygynda bökdençlikler bolup biler.
Magnit hadysasy, aýratynam, howanyň üýtgemegine duýgur bolan adamlaryň özüni duýşuna täsir edip bilýär.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...