Täze okuw ýylynda 142 müň 698 okuwça “Bilimli” nyşanly kompýuterler sowgat berler

  • 21.03.2025 12:27
  • 8.1k+

20-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2025-2026-njy okuw ýylynda mekdebe barjak 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine ilkinji gadam basýan çagalara kompýuterleri sowgat bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 142 müň 698 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda sowgat beriljek “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary öwrenildi, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleri sowgat bermek bilen bagly işleri talabalaýyk geçirmegi tabşyrdy.


düýn 23:39
2.2k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.9k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......