Türkmenistanyň Prezidenti “Daýhanbank” DTB-niň işini kämilleşdirmek boýunça tabşyryk berdi

  • 21.03.2025 11:21
  • 9.4k+

20-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we bu ulgamyň edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu ugurda görülýän çäreleriň ýurdumyzyň bank edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň işini has-da kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 15:48
4.4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......