Ilon Mask Twitter-iň äpet gök guşjagazyny satuwa çykardy

  • 21.03.2025 06:01
  • 4.8k+

Twitter-iň nyşany bolan äpet gök guşjagaz auksiona çykaryldy. 2022-nji ýylda sosial tory satyn alyp, ony X-a öwren Ilon Mask köne nyşandan dynmak isleýär. Onuň agramy 254 kg-a golaýdyr.

Meşhur gök guşjagaz ozal kompaniýanyň San-Fransiskodaky baş edarasynda ýerleşýärdi. Onuň ölçegleri 368 × 267 sm-e deň.
«RR Auction» auksion öýi nyşanyň bahasynyň 40 müň dollara ýetjekdigini çaklaýar, emma häzirki wagta çenli berlen iň ýokary teklip 21 müň 664 dollar boldy.
Alyjy üçin esasy kynçylyk diňe ony satyn almak däl, eýsem ol ony San-Fransiskodaky ammardan daşamaly hem bolar. Bu nyşany sökmek üçin, ozal ýörite kran we işçi topary gerek bolupdy.

Bu auksiona çykarylan ilkinji «Larri» däl – Twitter-iň nyşany şeýle at bilen hem tanalýar. 2023-nji ýylda hem köne nyşanlaryň käbiri satylypdy. Mysal üçin, ofisdäkileriň iň ulularyndan biri 100 müň dollara satylypdy. Şeýle-de baş edaradan başga bir äpet logotip hem satylypdy, emma onuň bahasy aýan edilmändi.


11.03.2026 20:11
9k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...

05.03.2026 23:37
2.2k+

Ilon Maskyň emeli aň guraly indi wideolary 30 sekunda çenli uzaldyp bilýär

Ilon Mask wideolary döretmek mümkinçiliklerini has-da giňeldýän "Grok Imagine" hyzmatynyň täzelenmesini tassyklady. Ol X platformasyndaky @XFreeze ulanyjysynyň "Frame Extend" funksiýasyna bagyşlanan habaryny paýlaşmak arkaly bu täzeligi tassyklady...

04.03.2026 16:52
1.9k+

X-de ulanyjy işjeňliginiň rekordy hasaba alyndy: 2-nji martda ol iň ýokary derejesine ýetdi

X sosial ulgamy (öňki Twitter) ulanyjylaryň gündelik işjeňligi boýunça täze rekord goýdy. 2026-njy ýylyň 2-nji martynda bu hyzmat özüniň bütin taryhyndaky iň ýokary işjeňlik derejesini görkezdi. Mundan öň, 1-nji martda, hyzmatyň ýolbaşçylarynyň biri Nikita Bir (Nikita Bier): «Şu gün — taryhdaky iň uly gün» diýip mälim etdi...

03.03.2026 23:28
6.7k+

2026-njy ýylda dünýäde iň köp girilen 20 saýt

2026-njy ýylda global internet trafikiniň esasy bölegi henizem az sanly iri platformalarda jemlenmeginde galýar. Olar ulanyjylaryň nähili maglumat gözleýşini, wideolary görşüni, aragatnaşyk saklaýşyny we internetde söwda edişini kesgitleýär...