Germaniýada 900 taksanyň gatnaşmagynda geçirilen ýöriş Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 20.03.2025 14:18
  • 6.9k+

Germaniýanyň Regensburg şäherinde 900-e golaý taksanyň gatnaşmagyna uly ýöriş geçirildi. Dackelmuseum taksa muzeýi tarapyndan guralan çäre Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy.

Gatnaşyjylar gadymy köçelerden ýöräp geçip, XII asyra degişli taryhy daş köprüden aşdylar we şäheriň esasy meýdançasyna gelip jemlendiler.
Orkestr myhmanlary şowhunly garşy aldy, ýoluň ugrundaky äpet taksa görnüşli göçme attraksion bolsa hemmeleriň ünsüni çekdi. Itleriň eýeleri Günorta Germaniýanyň däp bolan egin-eşiklerini geýip, ýörişiň dabarasyna aýratyn öwüşgin berdiler.

«Taksalar syýasy garaýyşlardan daşdadyr. Taksalar üçin ähli adamlar derisiniň reňkine ýa-da gelip çykyşyna garamazdan deňdir» — diýip, Dackelmuseum taks muzeýiniň esaslandyryjysy Seppi Kýublbek bu ýöriş barada aýdyp geçdi.

Hasaplamalara görä, aslynda, ýörişe jemi 1175-e golaý taksa gatnaşypdyr. Ýöne Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri diňe 897 sany taksany sanamagy başarypdyrlar. Şeýle-de bolsa, bu görkezijiler hem täze rekordy hasaba almak üçin ýeterlik boldy.



düýn 10:26
624

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

11.06.2026 22:18
7.7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

20.05.2026 07:31
1.7k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

13.05.2026 22:54
2.5k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......