Hytaýda ilkinji uçarmansyz uly ýük uçary synagdan geçirildi

  • 20.03.2025 12:08
  • 4.8k+

Hytaýda uçarmansyz TP1000 uly ýük uçarynyň ilkinji synag uçuşy geçirildi. Ony Yitong UAV Systems kompaniýasy işläp taýýarlady diýip, CGTN habar berýär. 

Uçarmansyz uçar bir tonna çenli ýüki götermäge we desant düşürmäge ukyply. TP1000-iň uçuş agramy 3,3 tonna. Doly ýükli ýagdaýda iň ýokary uçuş aralygy 1000 kilometre deňdir. Ýük bölüminiň göwrümi ýedi kub metre ýetýär.
Uçuş 26 minut dowam etdi. Apparatyň ähli ulgamlary durnukly işledi. Işläp düzüjileriň habar bermeklerine görä, öndürijilik görkezijileri garaşylýanlara doly laýyk geldi.
Synaglaryň dowamynda dron çydamlydygyny, oňat öwrüm edip bilýändigini we ähli ulgamlarynyň ygtybarlydygyny görkezdi.
TP1000-iň 2026-njy ýyla çenli ulanyşa girmegine garaşylýar. Taslama Hytaýyň uçarmansyz howa ulaglaryny ösdürmekdäki täze ädimi bolar, şeýle hem logistika we adatdan daşary ýagdaýlardaky mümkinçiliklerini güýçlendirer.


28.05.2026 17:08
4.7k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
1.7k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......

25.05.2026 16:14
5.2k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

15.05.2026 11:06
1.9k+

Hytaý kosmosda emeli adam embrionlary bilen synag geçirýär

Hytaý orbital mikrograwitasiýada adamyň emeli embrionpisint gurluşlarynyň ösüşini öwrenmek boýunça dünýäde ilkinji synagyna başlady diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň amaly kosmos ylymlary we inženerçilik......