“Mortal Kombat 2” filminiň ilkinji suratlary peýda boldy. Film oktýabrda çykar

  • 20.03.2025 12:04
  • 4.4k+

Entertainment Weekly žurnaly “Mortal Kombat 2” atly hyýaly boýewigiň ilkinji kadrlaryny çap etdi. Filmiň dünýä kinoteatrlarynda ilkinji görkezilişi 24-nji oktýabrda meýilleşdirilýär.

Film Mortal Kombat faýting-oýunlarynyň meşhur seriýasyna esaslanýar. 1995-nji ýylda Pol U.S. Andersonyň režissýorlyk etmeginde onuň “Gazaply darkaş” atly film wersiýasy çykdy.
Täze film 2021-nji ýylda çykan has soňraky ekranlaşdyrmanyň dowamy bolar. Birinji bölümi dünýäde 84 million dollar gazanypdy.
Sikwelde Karl Urban (Jonni Keýjiň keşbinde), Lýuis Tan (Koul Ýangyň keşbinde), Hiroýuki Sanada (Içýanyň keşbinde), Tadanobu Asano (Raýdeniň keşbinde), Adelin Rudolf (Kitananyň keşbinde) we Tati Gabriel (Jeýdiň keşbinde) dagy surata düşdi.
Režissýory ýene-de birinji bölüme režissýorlyk eden Saýmon Makkuoýd boldy. Edebi esasyny "Aý rysary" taslamasy bilen tanalýan Jeremi Sleýter ýazdy.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....