Dünýädäki kölleriň aglabasy soňky 40 ýylda adamyň täsiri netijesinde reňkini üýtgedi

  • 20.03.2025 11:57
  • 5.2k+

Alymlar soňky 40 ýylda 67 müňden gowrak kölüň emeli hemradan alnan suratlaryny seljerip, möhüm üýtgeşmeleri gördüler - olar öňki reňklerini ýitiripdirler.

Barlagyň dowamynda 1984-nji ýyldan bäri alnan 32 million hemra suraty gözden geçirildi. Suw howdanlarynyň diňe 14% -iniň reňki öňki durkunda galypdyr diýip, Water Resources Research žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.
Bu hakykat suwuň hiliniň üýtgemegi, suwotularyň konsentrasiýasy, erän organiki maddalaryň akymy we beýleki faktorlar sebäpli ekoulgamda düýpli bozulmalaryň bolup geçýändigini görkezýär.
Şwesiýanyň Lund uniwersitetiniň barlagçysy Çžen Duanyň sözlerine görä, bu üýtgeşmeler howa we adam işi bilen baglanyşykly.

"Netijelerimiz kölleriň reňkiniň özgermeginiň, howanyň üýtgemeginiň we adamyň täsiriniň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny görkezýär. Kölleriň 60% -iniň reňkinde düýpli üýtgeşmeleriň bolandygyny gördük" – diýip, alym Phys.org neşirine gürrüň berdi.

Kölüň reňki onuň ýagdaýyny görkezýär. Gök reňkler demirgazyk giňişliklerde, orta giňişlikleriň gür ilatly ýerlerinde ýaşyl, Günorta ýarym şarda gyzyl we sary reňkler has ýygy duş gelýär.
Soňky ýyllarda şeýle suw desgalarynyň köpüsiniň reňki gök reňke üýtgedi. Has mawy reňk köplenç suwuň arassadygyny görkezýär. Şeýle-de bolsa, kölüň suwunyň reňkindäki düýpli üýtgeşmeler ýokumlylygynyň artmagy ýa-da suwuň fiziki we biohimiki häsiýetine täsir edýän beýleki faktorlar ýaly, daşky gurşawdaky näsazlyklary görkezýär.
Alymlaryň pikirine görä, netijeler suw çeşmelerini dolandyrmak, gorap saklamak we daşky gurşawy goramak boýunça esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge kömek eder.


24.03.2026 07:08
3.7k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...