Ilkinji gezek Arktikanyň deňizlerinde awtoulag tekerleriniň bölejikleri tapyldy

  • 11.09.2025 21:22
  • 11k+

Geçirilen barlaglar sandan galan teker önümleriniň, hatda şäherlerden uzakda ýerleşýän Arktika deňizlerine-de düşýändigini we deňiz durmuşyna täsir edip, mutasiýa sebäp bolup, şeýle hem adamlaryň we haýwanlaryň bedenine aralaşyp biljekdigini tassyklady.

Barlagçylar awtoulag tekerleriniň we gara ýollaryň bölejikleriniň Demirgazyk buzly ummana edýän täsirini ilkinji gezek öwrendiler.
Olar bölejikleriň düzümini we olaryň biosfera täsirini kesgitlemek üçin deňziň  ýüzündäki mikroplastikanyň nusgalaryny ýygnadylar.
Nusgalaryň seljermesi awtoulag tekerleri bilen asfaltyň arasyndaky sürtülme netijesinde emele gelýän, polimerlerden, gara şepbikden, asfaltyň hapalaryndan, benzinden, ýaglardan we boýag örtüklerinden ybarat bölejikleriň ummana düşýändigini görkezdi. Bölejikleriň ortaça massasy 0,55 mg, ululygy 1,20 mm 1,10 mm.
Şinalaryň bölejikleri Sibir derýalary bolan Lenadan, Ýeniseýden, Kolymadan gelýär we deňiz akymlary bilen ummana düşýär. Hapalaýjy maddalar zooplanktonlaryň iýmitine öwrülýär-da, olary hem balyklar, guşlar we deňiz süýdemdirijileri iýýär, olaryň käbiri adam iýmitine hem girýär. Bölejikleriň owuntyklary haýwanlaryň ulalmagyny, köpelmegini we ösüşini bökdäp biler, bu bolsa mutasiýa we zyýanly çişleriň döremegine sebäp bolup biler. Poliuretan laky öýjük DNK-syndaky aminokislotanyň biosintezi prosesini üýtgedýär.
Birnäçe barlaglar sandan galan teker örtükleriniň ýerüsti we suw ekoulgamlarynda mikroplastikanyň 35% -den 85% -ini düzýändigini görkezdi.
Ýük ulaglarynyň tekerleri hyzmat ediş möhletiniň dowamynda 1,2 kg rezini ýitirýär. Diňe ABŞ-da her ýyl takmynan 1,8 million tonna bölejik daşky gurşawa zyňylýar. Hapalaýjy maddalaryň ýaýraýşy howa şertlerine we entek gowy düşünilmedik beýleki faktorlara baglydyr.
Demirgazyk Buzly umman Dünýä ummanynyň iň az öwrenilen bölegi bolmagynda galýar: ondaky köp ýyllyk buz emele geliş mehanizmleri we -50° C-e çenli temperaturada mikroorganizmleriň niçik ýaşap bilýändigini öz içine alýan işleýiş prosesleriniň köpüsi henizem syr bolup galýar.


24.03.2026 07:08
3.9k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

16.02.2026 15:06
10k+

Italiýada meşhur «Aşyklaryň arkasy» gaýasy ýumruldy

Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy...