Prada Aziýada ilkinji kafe-restoranyny açar

  • 19.03.2025 12:23
  • 3.7k+

Italiýanyň Prada moda öýi Şanhaýda Aziýadaky ilkinji restoranyny açar. Onuň konsepsiýasyny meşhur gonkongly režissýor Wong Karwaý işläp taýýarlady diýip, WWD habar berýär.

Mi Shang atly restoran Şanhaýyň merkezindäki dört gatly Rong Zhai aýratyn jaýynyň ikinji gatynda ýerleşer. Prada ony 2017-nji ýylda satyn alyp, abatlaýyş işlerini geçirdi. Restoranyň açylyşy 31-nji marta meýilleşdirilýär.
Mi Shang ady hytaý dilinden “heserli” diýlip terjime edilýär.
Interýeriň dizaýny Wong Karwaýyň “Söýgi şähdi” (Любовное настроение) we “Ýabany günler” (Дикие дни) ýaly filmlerinden ruhlandy. Bezegde onuň kinematografik stiline salgylanýan aýnalar we kontrastlar ulanyldy. Karwaý logotipi döretmekde tête-bêche usulyny, ýagny biri-birine ters öwrülen iki suratyň birleşmesini ulandy.


Menýuda ertirlik naharlary, esasy tagamlar, süýjülikler we kokteýller bar. Şef-aşpezler hytaý tagamynyň öwüşginleri bilen italýan aşhanasyna ünsi jemledi.
Kafe-restoran her gün 10:00-dan 22:00-a çenli açyk bolar.
Brendiň Karwaý bilen hyzmatdaşlygy geçen ýyl başlady, ol şonda Prada üçin “Gülleýän Şanhaý” (Цветущий Шанхай) serialynyň äheňinde kapsulalar kolleksiýasyny döretdi.
Bu Prada-nyň tanymal režissýorlar bilen ilkinji iş tejribesi däl: 2015-nji ýylda Ues Anderson kompaniýa üçin Milandaky Bar Luce-i taslap, 1950-60-njy ýyllaryň kafesiniň atmosferasyny döretdi.

12.05.2026 18:30
1.5k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.3k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....

05.05.2026 23:18
1.5k+

Armani/Casa Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlanan mebel kolleksiýasyny görkezdi

Armani/Casa studiýasy Milan dizaýn hepdeliginde täze mebel kolleksiýasyny görkezdi. Ekspozisiýa Origins diýip atlandyryldy we Jorjo Armaniniň mirasyna bagyşlandy....

25.04.2026 15:42
3.3k+

Chanel-den 4 million dollarlyk küşt toplumy

Ženewada geçirilen «Watches & Wonders 2026» sergisinde Chanel moda öýi özüniň «Coco Game» atly täsin küşt toplumyny görkezdi. Bu toplum, oýun esbaby däl-de, hakyt ajaýyp sungat eserine meňzeýär....