Ýaponiýada syýahatçylary azaltmak üçin Fudzi dagyna çykmak tölegli bolar

  • 19.03.2025 12:14
  • 4.4k+

2025-nji ýylyň iýul aýyndan sentýabr aýy aralygynda Ýaponiýada dört esasy ugur boýunça Fudzi dagyna çykmak üçin 4000 ýena (takmynan, ABŞ-nyň 26 dollary) möçberinde töleg giriziler. Ozal töleg diňe Ýosida ýodasynda alynýardy we 2000 ýena barabardy diýip, The Japan Times gazeti habar berýär.

Tölegiň girizilmegi syýahatçylyk akymyny we wulkana ýetýän ekologiki zyýany azaltmaga gönükdirilendir. 2024-nji ýylda Fudzi dagyna 204 müňden, 2023-nji ýylda 221 müňden gowrak adam çykdy.

“200 müň syýahatçy – bu barybir köp. Ýaponiýada bary-ýogy iki aýda şunça adamy özüne çekjek başga dag ýok. Şol sebäpli olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin käbir çäklendirmeler zerur” – diýip, Sidzuoka prefekturasynyň administrasiýasyndan Nasuko Sodeýama belledi.

Fudzi Ýaponiýanyň iň esasy syýahatçylyk ýerleriniň biridir. Simmetrik konus görnüşli wulkan ýapon grawýuralarynyň, hususan-da, suratkeşler Hokusaýyň we Hirosigeniň ýygyndylarynda ebedileşdirildi.
Ýylyň köp böleginde dagyň depesi gar bilen örtülen, ýöne tomus möwsümi oňa baryp bolýar. Bu döwürde syýahatçylar Fudziniň eňňitlerinden Günüň dogşuny görmek üçin oňa çykmaga çalyşýar.


10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7.1k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......