2032-nji ýyla çenli iri tehnokompaniýalar emeli aň üçin her ýyl $525 mlrd sarp eder

  • 19.03.2025 12:18
  • 2.2k+

DeepSeek çat-botunyň täsiri güýçli we çykdajyly ýaryşa badalga bermek bilen, emeli aň bazaryny üýtgedýär. Bloomberg Intelligence analitikleri 2032-nji ýyla çenli tehnologiýa ägirtleriniň EA ulgamlaryna we hasaplaýyş infrastrukturasyna ýylda azyndan 525 mlrd dollar sarp etjekdigini çaklaýar.

2025-nji ýylda Microsoft, Amazon we Meta Platforms ýaly iri kompaniýalar hasaplaýyş infrastrukturasyna 371 mlrd dollar maýa goýar, bu bolsa geçen ýylkydan 44% köpdür. 2032-nji ýyla çenli bu mukdar 525 mlrd dollara çenli artar.
Hünärmenler bazarda DeepSeek dil modelleri peýda bolanyndan soň, bu çykdajylaryň has tiz artýandygyny belleýär. Maýa goýumlar pikir ýöredýän emeli aňa geçer. 2025-nji ýylda modelleriň okadylmagy işläp düzüjileriň çykdajylarynyň 40%-ini alar, ýöne 2032-nji ýyla çenli bu görkeziji 14%-e çenli azalar. Şol bir wagtyň özünde, pikir ýöredýän EA ähli maýa goýumlaryň ýarysyny özüne çeker.
DeepSeek-iň netijeliligi enjamlara bolan islegi azaldyp bilerdi, ýöne pikir ýöredýän EA-nyň ösüşi maliýe serişdelerini başgaça paýlar. Esasy çykdajylar okatmakdan ulanylyşa geçer.
Şol bir wagtyň özünde, öz çipleri bolan Google korporasiýasy täze şertlerde işlemäge çalt geçip biler, ýöne Nvidia-nyň çiplerine garaşly bolan Microsoft we Meta ýaly kompaniýalara bazardaky üýtgeşmelere uýgunlaşmak has kyn düşer.  


11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

07.05.2026 14:14
2.7k+

Pirelli tekerleri emeli aňyň kömegi bilen ýoluň örtügini seljermegi öwrener

Pirelli kompaniýasy Şwesiýanyň «Univrses» tehnologiýa firmasynyň 30% paýyny satyn alandygyny yglan etdi. Bu şertnama kompaniýa özüniň «Cyber Tyre» platformasyna kompýuter görüşi we emeli aň tehnologiýalaryny......

06.05.2026 19:44
4.4k+

Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp......