Aktýor we režissýor Entoni Hopkins memuarlary çykarar

  • 19.03.2025 12:25
  • 2.7k+

Tanymal britaniýaly aktýor we režissýor Entoni Hopkins We Did OK, Kid atly memuarlar kitabynyň çykýandygyny habar berdi. Ol 4-nji noýabrda satuwa çykar.

87 ýaşly aktýor, iki “Oskaryň” we köp sanly baýraklaryň eýesi karýerasy, kyn çagalyk döwri, şahsy üstünlikleri we şowsuzlyklary barada ýatlamalary bilen paýlaşar. Şeýle-de, ol özüniň emosional şikeslerden goranmak üçin ysnyşmakdan gaçmak durmak meýli barada gürrüň berer.
Summit Books neşirýaty 368 sahypalyk kitaby, şeýle-de Hopkinsiň özi tarapyndan ses berlen audio görnüşi çykarar. Kitap aktýoryň şahsy arhiwinden alnan “ýörite suratlar kolleksiýasy” bilen üpjün ediler.
Hopkins ilkinji gezek memuarlaryň üstünde işleýändigi barada 2024-nji ýylda habar berdi. Şol wagt hem onuň aýaly, aktrisa Stella Arroýýaweniň ol barada dokumental film taýýarlaýandygy belli boldy.
2024-nji ýylyň güýzünde aktýor doganlar Mazerati barada filmde baş keşbi aldy. Ol awtomobil brendini esaslandyryjylara kömek eden maliýeçini oýnar.


şu gün 11:31
411

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.3k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
12k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....