NASA-nyň kosmosda galan astronawtlary 9 aýdan soň öýüne gaýdyp geldi

  • 19.03.2025 12:01
  • 6.9k+

NASA-nyň astronawtlary Butç Uilmor bilen Sunita Uilýams Halkara kosmos stansiýasynda dokuz aý bolanlaryndan soň Ýere gaýdyp geldi. Ilkibaşda olar HKS-de sekiz gün bolmalydy, ýöne Starliner gämisi bilen bagly näsazlyk sebäpli olaryň missiýasy uzaga çekdi diýip, Bi-bi-si habar berýär.

Olar astronawt Nik Heýg we russiýaly kosmonawt Aleksandr Gorbunow bilen bilelikde SpaceX Crew Dragon kapsulasynda gaýdyp geldi. Kosmos gämisi Grinwiç boýunça sişenbe güni sagat 5:05-de (Aşgabat wagty bilen 10:05) HKS-den aýryldy. Şol gün agşam kapsula Floridanyň kenarynda suwa gondy.

“Bu täsirli boldy. Suwa gonmak üçin amatly şertlerimiz bardy” – diýip, NASA-nyň wekili Jeýden Jennings belledi.

Stansiýadan Ýere çenli ýol 17 sagat wagt aldy. Crew Dragon atmosfera girip, 1600°C çenli temperatura çydady. Ekipaž Ýeriň dartyş güýjünden dört esse ýokary bolan güýji başdan geçirdi.
Missiýa 2024-nji ýylyň iýun aýynda başlady. Uilmor bilen Uilýams Boeing-iň Starliner gämisiniň ilkinji synagyna gatnaşdy. Uçuş wagty tehniki näsazlyklar ýüze çykdy we yza dolanmak töwekgelçilikli boldy. Şonuň üçin sentýabrda Starliner kapsulasy Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi.

NASA astronawtlary yzyna getirmek üçin sentýabrda HKS-e gelen SpaceX kapsulasyny ulanmak kararyna geldi. Iki boş orun ekipaža Uilmor bilen Uilýamsy goşmaga mümkinçilik berdi. SpaceX-iň uçuşy alty aýa niýetlenipdi, şonuň üçin olaryň orbitada bolmak möhleti 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli uzaldyldy.
Ahyrynda ýekşenbe güni Crew-10 missiýasynyň çäklerinde ekipažyň çalşylmagy uzaga çeken missiýany tamamlamaga mümkinçilik berdi.
Indi astronawtlar lukmançylyk barlagy üçin Hýustondaky Jonson kosmos merkezine eltiler. Olara uzak wagtlyk agramsyzlyk ýagdaýyndan soň, dowamly dikeldiş gerek.


düýn 12:08
2.8k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
3.9k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

10.04.2026 10:44
3.8k+

Hindistan kosmonawtlaryny Gimalaý daglarynda synagdan geçirýär

Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy (ISRO) Ladak sebitiniň belent daglyk ýerlerinde kosmonawtlaryň aşa agyr fiziki we psihologik şertlere uýgunlaşmagyny öwrenmäge gönükdirilen täze missiýasyna başlady....

09.04.2026 23:43
3.9k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......