Ekspatlar Kosta-Rikany göçmek üçin iň dost-doganlykly we amatly ýurt hasaplaýarlar

  • 19.03.2025 06:03
  • 3k+

Kosta-Rika «InterNations-yň» reýtinginde 2024-nji ýylda göçmek üçin iň dostlukly we amatly ýurt hökmünde birinji orny eýeledi.

53 ýurtdan azyndan 50 ekspaty (Ekspat - bir döwletiň raýaty bolup, zähmet şertnamasy esasynda başga bir döwletde zähmet çekýän şahs) öz içine alýan soragnamada gatnaşyjylaryň 83%-i özlerini bu ýurtda öz öýünde ýaly duýýandyklaryny, 88%-i bolsa özleriniň myhman hökmünde örän gowy kabul edilýändiklerini aýtdylar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň 35%-i ýerli medeniýete uýgunlaşmagyň aňsatdygyny aýdýar (ortaça görkeziji 21%). Ekspatlar şeýle hem Kosta-Rikanyň ýerli ilatyny dünýäniň iň dost-doganlykly adamlary hökmünde häsiýetlendirdiler.
Ikinji orunda «dost tapmak» kategoriýasynda öňdeligi eýelän Meksika durýar: bu ýurtda ýaşaýan ekspatlar jemgyýetçilik durmuşyndan hoşal bolup, ýerli ilat bilen aňsatlyk bilen "dil tapyşyp" bilýän eken. Üçünji orny bolsa Filippinler eýeledi, bu ýurt hiç bir kategoriýada altynjy orundan aşak düşmedi.
Sanawyň iň soňky orunlarynda Kuweýt, Norwegiýa we Germaniýa bar. Ekspatlar bu ýurtlary göçmek üçin iň kyn ýerler hasaplaýarlar.


düýn 23:58
1.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
3.7k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......