Britan startapy 3,5 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetýän iň ýeňil elektromobilleri döretdi

  • 19.03.2025 06:08
  • 3.3k+

Tesla, Lucid we Polestar-yň öňki ýolbaşçylary tarapyndan esaslandyrylan Longbow startapy iki ýeňil elektromobili - Speedster we Roadster-i hödürledi. Awtoulaglar iň ýeňil agramy we ýokary dinamikany özünde jemleýän meşhur Lotus Elise we Jaguar E-Type-yň “ruhy mirasdüşerleri” hökmünde çykyş edýärler.

Ilkibaşda 895 kg agramly Speedster açyk sport awtoulagy satuwa çykar. Onuň 443 km ýol ätiýaçlygy bolup, 3,5 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetýär. Awtoulagyň ilkinji tapgyryny (150 awtoulag) 2026-njy ýylda ibermek meýilleşdirilýär. Başlangyç bahasy 84,995 funt sterling.
Soňra 995 kg agramly we 3,6 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetýän has amatly (£ 64,995) Roadster çykarylar.
Häzirki zaman elektromobilleriň agramy 2000 kg-dan gowrakdyr. Hatda 2012-nji ýylda çykarylan Tesla Roadster-iň agramy hem (1305 kg) Longbow-yň agramyndan ýokarydyr.
Kompaniýanyň baş direktory Deýwid Deýwi: "Biziň awtoulaglarymyz çeýeligi, deňagramlylygy we elektrik güýji özünde jemleýärler".
Longbow esasy ünsi ýeňillige we elýeterlilige berýär. Awtoulaglar çalşylýan komponentleri bolan alýumin şassisinde gurlandyr. Bu komponentler üçünji tarap öndürijilerden satyn alnyp, çykdajylary azaltsa-da, awtoulagyň kuwwatyny peseldýär.
Täze önüm öňünden sargyt etmek üçin elýeterlidir we onuň ilkinji nusgasy ýylyň ahyryna çenli görkeziler.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......