«Hytaýyň Google-y» bolan Baidu birbada iki öňdebaryjy emeli aň modelini hödürledi

  • 19.03.2025 06:13
  • 1.3k+

Baidu iki sany täze emeli aň (EA) modeliniň işe girizilendigini habar berdi. Kompaniýanyň bellemegine görä, olardan biri DeepSeek R1 bilen deňeçer mümkinçiliklere eýe, emma bahasy iki esse arzan. Bu barada «Reuters» neşiri habar berýär.

Birinji model – ERNIE X1, güýçli logiki seljeriş, meýilleşdiriş we öz-özüni derňemek (refleksiýa) ukyby bolan EA hökmünde görkezilýär. Baidu X1-i «çuň pikirlenýän EA» diýip atlandyrýar we onuň dürli gurallary garaşsyz ulanyp bilýändigini aýdýar.
Ikinji model – ERNIE 4.5 – Baidu-nyň dil modeliniň kämilleşdirilen wersiýasydyr. Ol teksti has takyk düşündirip bilmek, ösen tekst generasiýasy, logiki pikirleniş we maglumaty ýatda saklamak ukyplary bilen tapawutlanýar. Şeýle-de bu model memlere we satirik suratlara hem düşünip bilýär.
Baidu Hytaýda ChatGPT-ä bäsdeş bolan ilkinji kompaniýalaryň biri bolsa-da, onuň öňki ERNIE wersiýalary giňden ulanylmady.
Emma indi Hytaýda EA bäsleşiginiň has-da güýçlenmegi we DeepSeek-iň gazanan üstünlikleri sebäpli, Baidu global EA ýaryşynda ornuny pugtalandyrmaga çalyşýar.


27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 11:17
5.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......