Tbiliside Zaha Hadidiň edarasynyň taslamasy boýunça basgançakly gökdirän bina gurlar

  • 18.03.2025 11:23
  • 7.6k+

Tbiliside Zaha Hadid Architects (ZHA) binagärlik edarasynyň taslamasy boýunça Cityzen Tower gökdirän binasynyň gurluşygyna başlamak meýilleşdirilýär. Onuň dizaýny şäheriň baýyrly landşaftyndan ylham alýar.

42 gatly bina Saburtalo etrabynda Zakawkaziýa harby okrugynyň öňki baş edarasynyň ýerinde gurlar. Onuň açylyş dabarasy 2028-nji ýylda meýilleşdirilýär.
Binanyň esasy aýratynlygy – spiral görnüşinde aýlanyp gidýän giň basgançakly terrasalardyr. Terrasalar bina bir gapdalyndan “söýget berip duran” ýaly. ZHA-da aýtmaklaryna görä, olaryň ýerleşişi Günüň ýagdaýyny we ýeliň ugruny göz öňünde tutýar. Binagärler Tbilisiniň baýyrlyk relýefinden ylham aldylar.

Toplumyň umumy meýdany 57 müň m² bolar. Aşaky gatlarda ýaşyl terrasalara çykylýan ofisler, dükanlar we kafeler ýerleşer. Ýokarky gatlarda şähere we golaýdaky seýilgähe tarap açylýan görnüşler ýaýylýan balkonly ýaşaýyş jaýlary bolar. 
Binanyň gurluşygynda gaýtadan işlenen materiallary we ýerli gurluşyk materiallaryny ulanmak meýilleşdirýärler. Gökdirän binalarda ýagyş suwlaryny ýygnamak üçin suw howdany bolar, terrasalara bolsa güýçli suwarmagy talap etmeýän ýerli ösümlikler ekilip, gök öwser.


23.06.2026 09:50
4.7k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......