Stambulda brifingde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäreleri barada aýdyldy

  • 18.03.2025 10:28
  • 1.8k+

Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş Konsullygy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap brifing geçirdi.

Brifinge Türkiýede Bahçaşehir Uniwersitetiniň, Stambul şäherindäki ýokary okuw jaýlarynyň «Türk dünýäsi» klubunyň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň talyplary hem-de ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş Konsuly M.Öwezow öz çykyşynda ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara derejesinde geçiriljek çäreler barada durup geçdi.
Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň dünýä derejesinde öňe sürýän başlangyçlary hem-de ýylyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy.

Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, BMG-nyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň halkara we döwlet derejesinde geçiriljek möhüm çäreleriň aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýe bolýandygy nygtaldy.
Şeýle hem, çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.



düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....