Pariž moda hepdeliginde içine zat salyp bolmaýan çyra-sumka hödürlendi

  • 17.03.2025 10:43
  • 4.3k+

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýerleşýän Gantri dizaýn studiýasy Pariž moda hepdeliginde şöhle saçýan Bag Table Light atly sumkasyny tanyşdyrdy.

Sumkanyň döredijileri ony «kutýur bilen bezegiň arasyndaky araçäkleri aýyrýan bir zat» diýip atlandyrýarlar. Aksessuaryň daşky örtügi ösümlik esasly, ýarym görünmeýän polimerden 3D printer arkaly taýýarlanypdyr.
Bag Table Light sumkasynyň ölçegleri: 30,48 × 26,67 × 14,6 sm. Onuň içinde ýagtylygynyň derejesini sazlap bolýan iki sany E12 LED lampa ýerleşdirilipdir. Olaryň ýagtylyk temperaturasy 2700K, ýagtylyk güýji 600 lýumen, kuwwaty bolsa 6,4 watt. Sumkanyň içinde akkumulýator ýok, ýagtylyk sumkanyň içine berkidilen elektrik kabeli arkaly üpjün edilýär.

«Döredijiligiň çyragy, futuristik moda bilen durnukly innowasiýalaryň utgaşmasy, size her gün çäkleriňizi giňeltmegiň we gündelik durmuşyňyzda adaty düşünjelere garşy durmagyň möhümdigini ýatladyp durýar» — diýip, Gantri topary belleýär.

Bu sumka kaliforniýaly Tombogo moda brendiniň dizaýnerleri bilen bilelikde işlenip düzüldi.
Emma bu sumkanyň birje esasy kemçiligi bar – hiç hili jübüsi ýa-da zat salynýan ýeri ýok. Modamy? Hawa. Stiliň özenimi? Hawa. Ýaşlara laýykmy? Elbetde. Amaly taýdan peýdalymy? Hiç ýok.
Bag Table Light sumkasynyň bahasy 398 dollar bolup, ABŞ-da satuwlaryna eýýämden başlandy.


02.06.2025 13:24
5.5k+

Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi

Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi. Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr...

17.05.2025 14:38
2.2k+

Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy

Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi...

17.04.2025 22:36
4.2k+

Hermès Fransiýanyň iň gymmat lýuks brendi boldy, emma uzaga çekmedi

Hermès International SCA gysga wagtlyk Fransiýanyň iň gymmat lýuks kompaniýasy boldy. Ol bazardaky umumy gymmaty boýunça LVMH konglomeratyndan öňe geçdi. Muňa garşydaşynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär...

13.03.2025 06:51
4.1k+

Parižde LED ekranly köýnekler görkezildi

Parižiň moda hepdeliginde ýaponiýaly dizaýner Kunihiko Morinaga “SCREEN” ady bilen täze Anrealage kolleksiýasyny görkezdi. Oňa şekilleri görkezip bilýän kiçijik akkumulýatorlar, sensorlar we LED displeýleri bilen...