Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi

  • 02.06.2025 13:24
  • 4.6k+

Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi.

Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr. Başgaça aýdylanda, ol aýagyň skeleti ýaly. Dizaýner anatomiýany öwrenip, dabanyň içki gurluşyna meňzeýän gözenekli gurluşy işläp taýýarlady. Daşky görnüşi boýunça aýakgap adaty krossowka däl-de, adam aýagynyň bir bölegi ýaly görünýär.
EXOSKYN-yň her jübüti tikinsiz we ýelimsiz bitewi önüm hökmünde 3D printerde döredilýär. Bu aýakgaby berk we has rahat edip, galyndylary azaldýar. Ulanylan material çeýeligi we durnuklylygy birleşdirýär.
Model aýratyn sargyt boýunça sanly önümçiligiň mümkinçiliklerine bagyşlanan çäkli Print Step kolleksiýasyna girýär. Her jübüt aýratynlykda taýýarlanýar, ýagny köpçülikleýin önümçilik ýok.
Mahdi Naim – senagat dizaýny we 3D çap boýunça hünärmen. Ol EXOSKYN taslamasynda aýakgaby aksessuar däl-de, bedeniň dowamy hökmünde görýär.
Ozal şeýle tehnologiýalar uly brendler tarapyndan hem ulanylypdy. Adidas gözenekli gurluşy bolan aýakgap dabanyny döretmek, Under Armour bolsa krossowkanyň çeýe böleklerini öndürmek üçin 3D çap usulyny ulanýar. Ýöne olardan tapawutlylykda, EXOSKYN başga bir konsepsiýany – adam anatomiýasyna ýakyn aýakgaby hödürleýär.



17.05.2025 14:38
2.2k+

Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy

Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi...

17.04.2025 22:36
4.1k+

Hermès Fransiýanyň iň gymmat lýuks brendi boldy, emma uzaga çekmedi

Hermès International SCA gysga wagtlyk Fransiýanyň iň gymmat lýuks kompaniýasy boldy. Ol bazardaky umumy gymmaty boýunça LVMH konglomeratyndan öňe geçdi. Muňa garşydaşynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär...

17.03.2025 10:43
4.2k+

Pariž moda hepdeliginde içine zat salyp bolmaýan çyra-sumka hödürlendi

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde ýerleşýän Gantri dizaýn studiýasy Pariž moda hepdeliginde şöhle saçýan Bag Table Light atly sumkasyny tanyşdyrdy. Sumkanyň döredijileri ony «kutýur bilen bezegiň arasyndaky araçäkleri...

13.03.2025 06:51
4.1k+

Parižde LED ekranly köýnekler görkezildi

Parižiň moda hepdeliginde ýaponiýaly dizaýner Kunihiko Morinaga “SCREEN” ady bilen täze Anrealage kolleksiýasyny görkezdi. Oňa şekilleri görkezip bilýän kiçijik akkumulýatorlar, sensorlar we LED displeýleri bilen...