Pariž medeniýet we sungat muşdaklary üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy

  • 17.05.2025 14:38
  • 2.5k+

Pariž 2025-nji ýylda medeniýet we sungat söýüjileri üçin dünýäniň iň gowy şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada Time Out žurnaly habar berdi, ol dünýäniň dürli şäherlerinden 18,5 müňden gowrak ýaşaýjy bilen pikir soraşma geçirdi.

Gatnaşyjylardan hil we elýeterlilik taýdan öz şäherleriniň medeni tekliplerine baha bermek soraldy. Sanawa öz ýurtlarynda iň ýokary bahalary alan şäherler girdi. Soňra Time Out-yň halkara redaktorlar we awtorlar ulgamyndan medeniýet boýunça hünärmenleri öz halaýan ugurlary üçin ses berdi.
Ahyrky sanawa dünýäniň iň öňdebaryjy 20 medeni merkezi girdi. Bellenilişi ýaly, bu şäherlerde medeniýet diňe bir muzeýler we teatrlar bilen çäklenmeýär, eýsem ol ýerde köçe festiwallary, gijeki gezelençler, jemgyýetçilik galereýalary we döredijiligiň täze görnüşleri medeni durmuşyň möhüm bölegi hasaplanýar.
Pariž reýtingde birinji orny eýeledi. Ýerli ýaşaýjylaryň 96%-i şäheriň medeni durmuşyny “gowy” ýa-da “ajaýyp” diýip atlandyrdy. Şeýle-de, fransuz paýtagty Time Out-yň hünärmenlerinden has köp ses aldy.
Şäherde Luwr, Orse, Tokio köşgi we Fransua Pino muzeýi ýaly dünýä belli muzeýler bar. Şeýle-de, ýaşaýjylar Fête de la Musique baýramçylygy we La-Willet seýilgähinde geçirilýän Cinema en Plein Air tomusky festiwaly ýaly möwsümleýin medeni wakalara ýokary baha berdi.
2025-nji ýylyň reýtinginde iň gowy 20 şäher şu aşakdakylardan ybarat:

  1. Pariž, Fransiýa.
  2. Florensiýa, Italiýa.
  3. Edinburg, Şotlandiýa.
  4. Mehiko, Meksika.
  5. Sidneý, Awstraliýa.
  6. Barselona, Ispaniýa.
  7. Çikago, ABŞ.
  8. Lissabon, Portugaliýa.
  9. Hanoý, Wýetnam.
  10. Keýptaun, GAR.
  11. Pekin, Hytaý.
  12. Tbilisi, Gruziýa.
  13. Jakarta, Indoneziýa.
  14. Deli, Hindistan.
  15. Medelin, Kolumbiýa.
  16. Amsterdam, Niderlandlar.
  17. Marakeş, Marokko.
  18. Wena, Awstriýa.
  19. Praga, Çehiýa.
  20. Abu-Dabi, BAE.

22.03.2026 15:29
1.9k+

Parižde XVIII asyr zenan modasynyň sergisi geçýär: onda Mariýa-Antuanettanyň korseti hem bar

Parižiň «Palais Galliera» muzeýinde Magaryfçylyk döwrüniň zenan keşbine we onuň häzirki zaman düşündirişine bagyşlanan «XVIII asyryň modasy. Hyýaly miras» atly sergi geçirilýär. Serginiň maksady, moda ösüşindäki uly öwrülişigiň hut şu taryhy döwre degişlidigini açyp görkezmekdir...

17.01.2026 15:54
3.7k+

LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy

LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär...

02.06.2025 13:24
5.9k+

Fransuz dizaýneri dabanyň anatomiýasyndan ylham alan krossowkany çap etdi

Fransuz dizaýneri Mahdi Naim EXOSKYN krossowkasyny – KORUX brendiniň adam dabanynyň gurluşyndan ylham alyp döredilen ilkinji modelini hödürledi. Bu krossowkanyň esasy aýratynlygy onuň formasynyň aýagyň süňkleriniň gurluşyny gaýtalamagydyr...

17.04.2025 22:36
4.5k+

Hermès Fransiýanyň iň gymmat lýuks brendi boldy, emma uzaga çekmedi

Hermès International SCA gysga wagtlyk Fransiýanyň iň gymmat lýuks kompaniýasy boldy. Ol bazardaky umumy gymmaty boýunça LVMH konglomeratyndan öňe geçdi. Muňa garşydaşynyň paýnamalarynyň bahasynyň birden pese gaçmagy sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär...