“Mikki 17” 25-nji martda – kinoteatrlarda çykandan 18 gün soň onlaýn çykar

  • 17.03.2025 06:43
  • 2.1k+

Koreýaly režissýor Pon Jun Honyň “Mikki 17” filmi 25-nji martda, ýagny kinoteatrlardaky premýerasyndan bary-ýogy 18 gün soň sanly platformalarda elýeterli bolar. Bu barada When To Stream habar berýär.

Bu taryhda iň gysga kinoteatr prokatlarynyň biridir. Onuň şeýle ir onlaýn çykmagynyň sebäbi gowşak girdeji bilen baglanyşykly: ilkinji dynç günleri film 118 mln dollar býujet bilen bary-ýogy 43 mln dollar gazandy. Warner Bros. filmi derrew akym platformalaryna geçirmek bilen ýitgini azaltmak kararyna gelen bolmaly.
“Mikki 17” – geljek barada film bolup, onda klonirlenen adamlar täze planetalary kolonizirlemäge kömek edýär. Baş gahryman Mikki nätanyş dünýäni öwrenmäge gidýär we ýitýär. Ýöne oňa her ölüminden soň gaýtadan klonirleme garaşýar.
Film Edward Eştonyň “Mikki-7” ylmy-fantastiki romanyna esaslanýar.
Filmde baş keşpleri Robert Pattinson, Mark Ruffalo, Stiwen Ýon we Toni Kollett ýerine ýetirdi.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....