Formula-1 başlady: “Maklarenden” Norris Awstraliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 16.03.2025 15:02
  • 1.9k+

“Maklarenden” britaniýaly Lando Norris Awstraliýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Melburnda ýagyşly howada geçirilen ýaryş “Formula-1-iň” täze möwsümine badalga berdi.

Norris ýaryşa öňdäki orundan başlady. Ol “Red Bull-dan” häzirki çempion, niderlandly Maks Werstappenden öňe geçdi. Üçünji bolup pellehana Jorj Rassel (“Mersedes”) geldi.
Norrisiň “Maklarendäki” topardaşy, awstraliýaly Oskar Piastri ýaryşy dokuzynjy orunda tamamlady. Indi “Ferraride” çykyş edýän ýedi gezek dünýä çempiony Lýuis Hemilton bolsa 10-njy netijäni görkezdi.
Birnäçe sürüji pellehana ýetip bilmedi: Jek Duen (“Alpin”), Karlos Saýns (“Uilýams”), Fernando Alonso (“Aston Martin”), Liam Louson (“Red Bull”) we Gabriel Bortoleto (“Kik Sauber”). “Reýsing Bullzdan” Isaak Hajar heniz ýaryş başlamanka, “gyzdyryjy” aýlawda haýaty urup, bolidine zeper ýetirdi.
Indiki tapgyr bolan Hytaýyň Gran-prisi 21 – 23-nji martda geçiriler. Onuň çäklerinde sprint ýaryşy bolar.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....