Marsdan kwars kristallary tapyldy. Olar özünde nämeleri gizleýär?

  • 16.03.2025 17:28
  • 5.1k+

Perseverance mars roweri Marsdaky Ýezero kraterinden kwars kristallaryny tapdy. NASA-nyň we Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) alymlary olaryň suw bilen baglanyşykly gidrotermiki işjeňlik şertlerinde emele gelen bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Olarda gadymy durmuşyň yzlary bolup biler diýip, New Scientist habar berýär.

Ýer ýüzünde şeýle prosesler köplenç mikroorganizmleriň barlygy bilen utgaşýar. Kwars millionlarça ýyllap organiki molekulalary gorap saklamaga ukyply. NASA-nyň baş alymy Jim Grin: "Daşky gurşaw gazaply bolup ugranda ýaşaýyş daşlaryň astynda gizlenýär" - diýip belleýär.
Eger Marsyň nusgalarynda mikroblaryň yzlary tapylsa, bu Ýeriň daşyndaky ýaşaýşyň ilkinji subutnamasy bolar. Gipotezany tassyklamak üçin NASA we ESA nusgalary Mars Sample Return maksatnamasynyň çäklerinde Ýere getirmegi meýilleşdirýär. Perseverance eýýäm jynsly kapsulalary ýygnaýar. Laboratoriýa şertlerinde alymlar olary jikme-jik öwrenip bilerler.
Fransiýanyň Grenobl uniwersitetinden Pýer Bek we onuň kärdeşleri SuperCam guralyny ulanyp, Perseverance tarapyndan düşürilen suratlary seljerdiler. Suratlarda olar bir santimetr inlilikdäki uly kwarsy hem-de opal we halsedon ýaly kremnini öz içine alýan kristallary tapdylar. Olaryň gyzgyn suwdan emele gelen bolmagynyň ähtimallygy uly. Bek bu şeýle iri we arassa kristallaryň Ýer ýüzünde emele gelmeginiň ýeke-täk usulydygyny, olaryň Marsda şuňa meňzeş gelip çykyşynyň bolup biljekdigini aýdýar.
SuperCam guralynyň maglumatlary alymlara daşlarda şöhlelenýän ýagtylyk spektrini seljermäge mümkinçilik berdi. Netijeler kwars kristallarynyň ýokary derejede arassa we Perseverance-iň surata düşüren islendik beýleki jynslaryna garanyňda birleşmeler bilen az hapalanandygyny görkezdi. Eger ýaşaýyşyň yzlary tassyk bolsa, bu onuň Älemde ýaýramaklygy baradaky düşünjämizi üýtgeder. Eger beýle däl bolsa, onda alymlar, iň bolmanda, onuň ýüze çykmagy üçin zerur şertlere täzeçe gararlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....