Hytaýyň Anşun şäherinde dünýäde iň uly sakura baglygy gülleýär

  • 16.03.2025 12:39
  • 5.8k+

Sakura barada söz açylanda, köpler bada-bat Ýaponiýany göz öňüne getirýär. Ýöne soňky wagtlar Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky Anşun şäheri gülleýän sakuranyň paýtagty adyny goňşy ýurtlardan almaga çalyşýar.

Internet torunda Pinba sebitindäki ägirt uly baglygyň wideolary we suratlary peýda boldy. Bu ýerde 500 müňden gowrak sakura agajy gülleýär. Bu islendik ýapon baglygyna garanyňda köpdür.
Güllemäniň iň ýokary döwri hut şu günlere gabat gelýär diýip, Hi-Tech Mail.ru ýazýar.
Belläp geçsek, sakura – bu bir agaç däl-de, bägül güllüler maşgalasyna degişli bolan gyrymsy agaçlaryň toplumydyr. Sakuranyň gülleri diňe bir gülgüne we ak bolman, eýsem gyzyl ýa-da ýaşyl hem bolup bilýär, bu hem agaçlary aýratyn özüne çekiji edýär.
Sakura ownuk dişli ýapraklary bolan ülje bilen ýakyn baglanyşykly bolsa-da, sakuranyň diňe käbir görnüşleri miwe berýär. Bu miweler kiçijik we iýmek üçin ýaramly däldir. 







24.05.2026 16:01
3.5k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.6k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......

24.05.2026 00:07
7.6k+

Gresiýanyň kenarlarynda ýatylýan oturgyçlary we saýawanlary ulanmak gadagan edildi

Gresiýanyň häkimiýetleri kenarýaka zolaklary goramak baradaky täze düzgünleriň çäginde ýurduň 251 sany plýažynda şezlonglary (ýaylýan oturgyçlary) we Günden goraýan saýawanlary ulanmagy düýbünden gadagan etdi....

23.05.2026 22:00
3.1k+

Syýahatçylar Italiýany dünýädäki iň datly tagamlaryň ýurdy diýip ykrar etdiler

Dürli ýurtlaryň syýahatçylyk hünärmenleri we jahankeşdeleri Italiýa dünýäniň iň gowy iýmit-tagam ugry diýip atlandyrdylar. Şeýle-de meşhur Travel+Leisure neşiriniň geçiren täze sowalnamasynyň netijesinde hem......