Parižde üýtgeşik gapyly we dizaýnly “betmobil” – Jaguar Type 00 görkezildi

  • 15.03.2025 06:50
  • 6.4k+

Jaguar Pariždäki moda hepdeliginiň dowamynda Type 00 konsept-karyny görkezdi. Tanyşdyrylyşdan wideo kompaniýanyň Instagram akkauntynda peýda boldy. Model futuristik dizaýny, awtonom hereketi we tanyşdyryşa aktýor Barri Keoganyň gatnaşmagy bilen ünsi özüne çekdi.  

“French Ultramarine” reňkli awtomobil agressiw optikasy, pes oturyş ýagdaýy we “kebelek” görnüşli uly gapylary bilen tapawutlanýar. Täze gök reňk öňki gülgüne reňkiň ornuny çalşyp, modeliň sport stilini görkezýär.
Type 00 2025-nji ýylyň ahyrynda çykjak dört gapyly elektrik superkar üçin esas bolar. Jaguar-yň ýolbaşçysy Rawdon Gloweriň aýtmagyna görä, önümçilik wersiýasy konseptiň üýtgeşik dizaýnyny saklar: uzyn kapot, inçe faralar, ýapgyt üçek we giň tigir bazasy.
Ulag 692 km çenli menzil we 986 at güýji bilen JEA platformasynda gurlar.
Modeliň interýeri kaşaňlyga we rahatlyga ünsi jemleýär. Jaguar “sürüji” çemeleşmesini wada berýär: salonda premium materiallar ulanylar, kömek ulgamlary we multimedia bolsa dolandyryş tejribesiniň üstüni ýetirer.
Internet ulanyjylar bu ulaga dürlüçe seslendi. Käbirleri onuň wideo oýunda ýa-da kompýuter grafikasynyň kömegi bilen döredilendigini belledi. Beýlekiler bolsa ony Betmobil bilen deňeşdirdi. Mundan başga-da, gapylaryň haýal açylmagy özara gürrüňlere getirdi – wideoda Barri Keoganyň gapy doly açylyp ýetişmänkä aýagyny salondan çykarandygy görünýär.


düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

02.06.2026 20:32
7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......