Serdar Berdimuhamedow ýaşlary Rumyniýa okuwa ibermek baradaky teklibi makullady

  • 15.03.2025 06:08
  • 10k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen ýaşlarynyň:

  • maglumat tehnologiýalary;
  • saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary;
  • bilim we pedagogika ylymlary;
  • oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary;
  • inženerçilik işi;
  • tehnologiýalar we tehniki ylymlar;
  • matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine iberilmeginiň maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýtdy hem-de döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 22:17
939

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......