Aşgabatda mugallymlar üçin «Lu Banyň ussahanasy» atly hünär ýokarlandyryş okuwlary açyldy

  • 14.03.2025 23:52
  • 3.2k+

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde mugallymlar üçin «Lu Banyň ussahanasy» atly taslamasynyň çäklerinde guralýan hünär ýokarlandyryş okuwlary açyldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Şensiý welaýat komitetiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, CNPC hytaý kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň we Şensiý hünär-tehniki kollejiniň wekilleri gatnaşdylar.
Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň düzümi, onuň okuw binalary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, barlaghanalary, hünärleri we okuwyň ugurlary, ýokary okuw mekdepdäki ylmy barlaglar bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň iş maslahaty geçirilip, onuň dowamynda «Lu Banyň ussahanasy» atly taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň wezipesine garaldy. Hususanda, Lu Ban ussahanasynyň meýdançasynda gurluşyk-gurnama işleri, onuň barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebit-gaz pudagynda)» diýen ugurlar boýunça uniwersitetiň mugallymlarynyň hünär ýokarlandyryş okuwlaryna başlamaga taýýarlyk baradaky meseleler maslahatlaşyldy.
Şeýle hem bilelikdäki okuw maksatnamasy boýunça Sian nebit uniwersitetiniň magistraturasynda okamak üçin türkmen ýokary okuw mekdebiniň 2025-nji ýyldaky zehinli uçurym talyplaryny saýlap-seçmek we kabul etmek meselelerine üns berildi.
Lu Banyň ussahanasynyň ady rowaýata öwrülen gadymy hytaý oýlap tapyjysynyň hormatyna atlandyryldy. Hytaýda dörän Lu Banyň ussahanalar ulgamy bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy. Şeýle ussahanalar Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň ýigrimiden gowrak ýurtlarynda üstünlikli hereket edýär. Biziň günlerimizde Lu Banyň ussahanalary ylym we hünär bilimi ulgamynda halkara alyşmalar we hyzmatdaşlyk üçin meýdança döreden uly taslama görnüşindedir.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......