Honda Hytaýda içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň önümçiligini iki esse azaldýar

  • 14.03.2025 14:55
  • 2.8k+

Honda-nyň Hytaýda kompaniýanyň ýangyç bilen işleýän awtomobilleri üçin hereketlendirijileriň, takmynan, 30%-ini öndürýän Guançžoudaky zawody öz önümçilik kuwwatyny iki esse azaldar. Bu barada awtoöndürijiniň özi habar berýär.  

Şeýle çözgüt Hytaýda elektromobil bazarynyň işjeň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerli brendleriň arasyndaky bäsdeşligi güýçlendirýär, Honda bolsa täze tehnologiýalara geçmekden yza galýar.
Şol sebäpli kompaniýa üýtgeşmelere uýgunlaşmak üçin, öz gurluşyny özgertmegini çaltlaşdyrýar.
Toyota we Nissan ýaly ýapon kompaniýalary hem hytaý bazarynda kynçylyk çekýär, ýöne Honda-nyň önümçiliginiň azaldylmagy olaryň arasynda iň ulusy boldy. Içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler sebitde bu brend üçin geçmişde galyp biler.
2024-nji ýylyň dekabrynda GAC Honda ýylda 120 000 awtomobil kuwwaty bilen täze energetika zawodyny işe girizdi. Önümçilik “uglerod zyňyndylarynyň nol derejesiniň” wada berilmegi bilen başlady. Bu ädim Honda-nyň bäsdeşleriň yzyndan ýetmek üçin ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara bil baglaýandygyny görkezýär. Ýöne kompaniýanyň dünýäniň iň uly awtomobil bazarlarynyň birinde öz strategiýasyny näderejede tiz üýtgedip biljekdigi belli däl. 


düýn 11:31
4.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

19.05.2026 21:18
5.9k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......

13.05.2026 23:03
1.9k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....