«The Last of Us-yň» 2-nji möwsüminiň treýleri görülme sany boýunça HBO-da rekord goýdy

  • 14.03.2025 14:45
  • 3.2k+

«The Last of Us» (Biziňkilerden iň soňkusy) post-apokaliptik serialynyň 2-nji möwsüminiň treýleri üç günüň dowamynda 158 million gezek görüldi. Bu görkeziji HBO we Max platformalarynyň original taslamalarynyň arasynda rekord boldy diýip, «Deadline» habar berýär.

WBD-niň maglumatlaryna görä, bu wideo serialyň öňki treýlerlerinden we tizerlerinden azyndan 160% köp görüldi.
Täze möwsüm 2020-nji ýylda PS4 üçin çykarylan «The Last of Us Part 2» oýnuna esaslanýar. Serialyň döredijileri Kreýg Meýzin we Nil Drakmann oýnuň ikinji bölegini diňe bir möwsümde doly beýan etmegiň mümkin däldigini, şonuň üçin onuň ahyrynyň, belki-de, diňe 3-nji möwsümde görkeziljekdigini belläp geçdiler.
2-nji möwsümiň premýerasy 14-nji aprele meýilleşdirilýär. Bölümleri hepdede bir gezekden çykar.


04.06.2026 17:22
4.1k+

96 ýaşly tanymal režissýor Klint Istwud karýerasyny tamamlaýar

Meşhur amerikan aktýory we režissýory Klint Istwud kino pudagyndaky karýerasyny tamamlady. Bu barada onuň ogly habar berdi....

04.06.2026 17:17
4.6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.5k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 22:59
2.2k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....