Volvo 2027-nji ýyla çenli ähli elektromobillerini 800-woltlyk platforma geçirer

  • 14.03.2025 14:57
  • 2.9k+

Volvo kompaniýasy ähli elektromobillerini has çalt zarýad berşi goldaýan we has uzak aralyklara gitmäge mümkinçilik berýän 800-woltlyk platforma geçirmekligi meýilleşdirýär. Bu arhitekturadaky ilkinji model Volvo ES90 sedany boldy. Geljekde şeýle täzelenmäni Volvo EX90 krossoweri hem alar, emma onuň täze platforma geçirilmegi 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.

800 Wt tehnologiýasy zarýad berşiň wagtyny gysgaldýar: mysal üçin, ES90 modeli 10%-den 80%-e bary-ýogy 20 minutda zarýadlanýar. Deňeşdirsek, 400-woltlyk platformada bu proses, takmynan, ýarym sagada çekýär. Mundan başga-da, täze ulgam elektromobilleri has energiýa tygşytlaýjy edýär.
800 Wt platformaly indiki elektromobil EX60 krossoweri bolar. Bu ulag EX90 bilen kiçi göwrümli EX40 we EX30-yň arasyndaky model bolar. Volvo 800-woltlyk platformalary eýýämden özlerine standart edinen hytaýly awtoulag öndürijileri bilen işjeň bäsleşýär.
Elektromobil satuwlaryndaky ýokary paýy sebäpli, Volvo kompaniýasy ÝB-niň ekologiýa kadalaryny arassa berjaý edýär we CO2 zyňyndylary (kömürturşy gazy) üçin jerimelerden gaça durýar.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......