BMW ulaglaryny ýöreýän kompýuterlere öwürjek «Superbrains» tehnologiýasyny tanyşdyrdy

  • 14.03.2025 12:51
  • 4.6k+

BMW awtoulaglaryny täze tehnologiýasy bilen çykarmaga taýynlanýar. Dört güýçli kompýuteriň düzümindäki ulgam «Superbrains» (super beýniler) diýlip atlandyrylýar. Bu barada «autoevolution» neşiri habar berýär.

Bu enjamlar awtoulaglaryň esasy funksiýalaryny – ýagny sürüş dinamikasyny, awtomatiki dolandyryşy, multimediýany we rahatlyk ulgamlaryny dolandyrar. 2025-nji ýylda çykjak modeller üçin ýörite işlenip düzülen bu ulgam häzirki tehnologiýalar bilen deňeşdirilende 20 esse güýçli hasaplaýyş kuwwatyny üpjün eder. Awtoulaglaryň esasy ulgamlary täze zolaklaýyn simli arhitektura bilen dolandyrylar, bu bolsa simleriň umumy uzynlygyny 600 metr gysgaldyp, awtoulagyň agramyny 30% azaldar.
BMW täze sanly howpsuzlyk ulgamyna – Smart eFuses-a aýratyn üns berýär. Bu ulgam 150 sany adaty predohraniteliň ornuny tutýar we energiýanyň netijeliligini 20% ýokarlandyrýar. Şeýle-de täze «Heart of Joy» (Şatlygyň ýüregi) dolandyryş ulgamy motoryň we şassiniň has çalt we takyk dolandyrylmagyny üpjün edip, häzirki ulgamlara garanyňda 10 esse tiz jogap bermegine ýardam berýär.
BMW-niň metbugat merkeziniň habaryna görä, bu innowasion ulgam «Vision Driving Experience» konsept awtoulagynda synagdan geçirildi. Täze çemeleşmäniň ilkinji giňden ulanylýan modeli öňümizdäki güýzde çykarylmagy meýilleşdirilýän elektrikli krossower «BMW iX3» bolar. Bu tehnologiýalar BMW-niň programma üpjünçiligi bilen dolandyrylýan awtoulaglara geçişini alamatlandyrýar hem-de yzygiderli täzelenmek we kämilleşmek ýaly mümkinçilikleriň öňüni açýar.


01.06.2026 10:57
2.6k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.3k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....