Pekinde täze okuw ýylyndan başlap okuwçylara emeli aň sapaklary okadylar

  • 14.03.2025 12:44
  • 1.6k+

Täze okuw ýylyndan başlap Pekiniň (Hytaý) başlangyç we orta mekdeplerinde okuwçylara emeli aň (EA) boýunça sapaklar berlip başlanar. Bu karar Hytaýyň ösen tehnologiýalar ulgamyndaky öňdeligini gorap saklamak maksady bilen kabul edildi diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär.

Pekin şäher bilim komissiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 1-nji sentýabrdan başlap, okuwçylara ýylyň dowamynda azyndan sekiz sagat emeli aň sapaklary okadylar. Bu sapaklar aýratyn ders hökmünde okadylybam bilner ýa-da informatika we tebigy ylymlar ýaly bar bolan dersleriň düzümine-de girizilip bilner.
Hytaý köp wagtdan bäri emeli aň tehnologiýasynda öňdebaryjy orny eýelemegi maksat edinip gelýär. Bu ugra bolan gyzyklanma, esasan-da Hytaýyň DeepSeek atly startapynyň üstünliklerinden soň has-da artdy. DeepSeek kompaniýasy ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bilen deňeşdirip bolýan, emma has az serişde talap edýän emeli aň modelini işläp düzdi.
Hytaýyň bilim ministri Huaý Szinpen emeli aňyň ösüşiniň bilim ulgamynda täze mümkinçilikleriň öňüni açýandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň ýolbaşçylary emeli aň boýunça resmi «Ak kitaby» neşir etmegi meýilleşdirýärler. Bu resminama – tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrylmagy boýunça möhüm ýol görkeziji bolar.


18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......