25 müň okuwçynyň gatnaşmagynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” III olimpiadanyň etrap tapgyry badalga aldy

  • 14.03.2025 11:52
  • 5.7k+

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýurdumyz boýunça orta mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän "Oguz hanyň zehinli nesilleri" atly III integrirlenen olimpiadasynyň I etrap tapgyryna badalga berildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berilýär.

Guramaçylyk toparynyň hasabatyna görä, Türkmenistanyň ähli künjeklerinden bu olimpiadanyň I tapgyryna gatnaşmaga isleg bildirip, hasaba alnan mekdep okuwçylarynyň sany 25 müňe golaýlady.
Bellenilişi ýaly, olimpiada gatnaşýanlaryň arasynda iňlis dili, tebigy we takyk ugurly dersler boýunça döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylaryň sany agdyklyk edýär.


Häzirki wagtda olimpiadany guramaçylykly geçirmek we adalatly baha bermek maksady bilen döredilen topar tarapyndan taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olimpiada baradaky maglumatlar we ony geçirmegiň düzgünnamasy uniwersitetiň resmi internet sahypasy — https://etut.edu.tm salgysynda ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň taryhynda köpçülikleýin geçirilýän bu görnüşdäki olimpiada eýýäm üçünji gezek guralýar. I we II olimpiadalara jemi 42 müňe golaý okuwçy gatnaşdy. Ýeňiji bolanlara uniwersitetiň diplomy we sowgatlary gowşurylýar. Uniwersitet tarapyndan ýeňiji bolanlara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmeklerine ýardam bermek maksady bilen, «Teklip haty» (Recommendation letter) berler.


düýn 23:39
684

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......