Türkmenistanyň ilçisi Türki Döwletleriň Guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisine gatnaşdy

  • 14.03.2025 11:37
  • 3.8k+

12-nji martda Stambul şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) sekretariatynyň binasynda TDG-niň guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň 5-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, Wengriýanyň Türkiýedäki ilçisi, TDG-niň, TÜRKSOÝ-niň we TÜRKPA-niň Baş sekretarlary hem-de Türki Akademiýasynyň, Türki halklaryň medeniýet we miras gaznasynyň we Türk maýa goýum gaznasynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistana ýurdumyzyň Türkiýedäki ilçisi M.Işangulyýew wekilçilik etdi.
Mejlisiň çäklerinde TDG-niň 11-nji Sammitiniň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilşi, TDG-niň çäklerindäki bilelikdäki hyzmatdaşlyk hem-de 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiriljek işleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bulardan başgada, mejlisiň çäklerinde Türki hyzmatdaşlyk Guramalarynyň ýolbaşçylary 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler boýunça öz hasabatlary bilen çykyş etdiler.
Türkmen wekiliýeti mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Kararnamasyny kabul etmeginiň ähmiýetine çekdi.


düýn 22:17
939

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......