Arkadag şäherine ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasy gowşuryldy

  • 14.03.2025 11:06
  • 4.4k+

13-nji martda Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Hytaýyň Hançžou şäheri innowasion senagaty ösdürmekde, häzirki zaman sanly ulgamyň, emeli aňyň mümkinçiliklerini işjeň özleşdirmekde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Bu şäheriň Dýanszi uniwersiteti dünýäniň dürli ýurtlary bilen tehnologiýalar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, halkara giňişlikde bina edilýän şäherleriň derejesine baha bermek bilen meşgullanýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen dabaranyň barşynda bu barada aýdyp, 2014-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hançžou şäherine amala aşyran saparyny ýatlap, onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.


Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň Üstünlik güwänamasyny gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda degişli karary kabul edendigi barada aýdyldy. Resminama bilen, Aşgabat şäheriniň 65 ga ýerini Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi.
Dabaranyň barşynda Arkadag şäherinde ulanylýan innowasion tehnologiýalara hem-de sanly ulgam üpjünçiligine bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Onda şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalarda, medeni-durmuş maksatly binalarda ornaşdyrylan tehnologiýalaryň netijeleri beýan edilýär.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......