Astronomlar Saturnyň 128 sany täze hemrasyny tapdy, indi onuň 274 hemrasy bar

  • 13.03.2025 17:21
  • 2.4k+

Doktor Edward Eştonyň (Sinika akademiýasynyň Astronomiýa we astrofizika instituty, Taýwan) ýolbaşçylygyndaky halkara astronomlar topary Saturnyň 128 sany täze hemrasyny tapdy. Indi olaryň umumy sany 274-e ýetýär, bu bolsa Gün ulgamyndaky beýleki planetalaryň hemralarynyň umumy sanyndan iki esse köpdür.

Ozal hemra sany boýunça Ýupiter öňdebaryjydy, ýöne indi Saturn onuň ornuny eýeledi.

“Garaşylyşy ýaly, biz 128 sany täze hemra tapdyk” – diýip, Eşton habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, 5-nji fewrala çenli ýagdaýa görä, 95 hemrasy bolan Ýupiter indi Saturnyň yzyndan ýetip bilmese gerek.

Ähli täze obýektler wagtlaýyn bellige eýe boldy we ýakyn aýlarda Skandinawiýanyň, Galliýanyň we Kanadanyň inuit mifologiýasynyň personažlarynyň hormatyna atlandyrylar. Olaryň köpüsi “norwegiýa toparyna” degişli bolup, bu laýyk ady tapmagy birneme kynlaşdyrýar.
Hemralar shift and stack usuly arkaly tapyldy: astronomlar yzygiderli suratlary, hereket edýän obýektleriň ýagtylygyny güýçlendirmek üçin, biri-biriniň üstüne goýup seljerdi. 128 hemranyň ählisi “durnuksyz” hökmünde kesgitlendi: olaryň uly bolmadyk göwrümi (birnäçe kilometr), uzyn orbitasy bolup, ähtimal, çaknyşyklaryň netijesinde dargan has uly asman jisimleriniň bölekleri bolsa gerek.

“Bu hemralaryň beýleki hemralar ýa-da kometalar bilen çaknyşyklarda weýran bolan hemralardan emele gelen bolmagy ähtimal” – diýip, Britan Kolumbiýasy uniwersitetinden professor Brett Gledman düşündirdi.

Bu asman jisimleriniň dinamikasyny öwrenmek Gün ulgamynyň emele geliş proseslerine, şol sanda planetalaryň göçmegine we Saturnyň halkalarynyň emele gelşine düşünmäge kömek eder.
Eşton häzirkizaman tehnologiýalaryň Saturnyň, Uranyň we Neptunyň töwereginde hemralary ýüze çykarmakda öz çägine ýetendigini belledi. Mundan başga-da, “hemra” düşünjesiniň takyk kesgitlemesiniň bolmazlygy geljekki çekişmelere sebäp bolup biler.


düýn 22:30
613

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
2.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

22.06.2026 08:10
5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......