Türkmenistan bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 13.03.2025 16:20
  • 2.7k+

12-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň Ýewropa boýunça Sebitleýin direktory Brigitta Bişof Ebbeseniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Halkara ynsanperwer hukugyna laýyklykda Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy ýurduň ynsanperwer ugurdaky taslamalaryny we başlangyçlaryny hödürledi we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....