Bilim ministrligi ýokary synp okuwçylaryň arasynda bäsleşik yglan etdi

  • 13.03.2025 15:32
  • 5.9k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti "Bilim - üstünlige barýan ýol" bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik 10-12-nji ýynp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.

Ýaryş iki tapgyrda geçer we dört dersden ybarat bolar: matematika, fizika, himiýa we biologiýa.
Birinji tapgyr telebäsleşik görnüşinde geçiriler. Bäsleşige gatnaşyjylar synag sowallaryna SMS arkaly we turkmentv.gov.tm saýtynyň üsti bilen jogap bermeli. 60 soragdan, azyndan, 50-sine dogry jogap berip bilenler bäsleşigiň indiki tapgyryna geçer.
Jemleýji tapgyr Aşgabatda bolar. Oňa gatnaşjaklar SMS-habarnamasyny alarlar. Ýokary okuw mekdepleriniň 2024-2025-nji okuw ýylynda geçirýän ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylar, döwlet ders bäsleşikleriniň finalçylary we milli ýygyndynyň agzalary bäsleşigiň gönüden-göni jemleýji tapgyryna çykyp bilerler. 
Ýeňijilere Diplomlar we sowgatlar gowşurylar.
Bäsleşige gatnaşmak üçin 0530 belgä S025 koduny ugratmaly.

Habarlaşmak üçin:
Bilim ministrligi — 44-85-42,
Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Управление «Mahabat» Госкомитета по телевидению, радиовещанию и кинематографии — 44-24-97.


düýn 18:59
2.4k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

düýn 16:18
776

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

12.06.2026 16:37
5.3k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......